Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe pilotyň jesedini Moskwa iberýär


Ankara geçen hepde Siriýanyň serhedinde urup ýykan rus uçarynyň pilotynyň jesedini Moskwa tabşyrmagy planlaşdyrýar.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu pilotyň jesediniň 29-njy noýabr güni irden, «Türkiýäniň inisiatiwalary arkaly», serhetdäki Hataý welaýatyna getirilendigini hem-de Orsýet ugradyljakdygyny aýtdy.

Ol Hataýdaky ýerli prowaslaw ybadathanasynyň wepat bolan pilot üçin dini dessurlary berjaý edendigini hem sözüne goşdy.

Türkiýe 24-nji noýabrda Siriýadan, duýduryşlara garaman, gysga wagtlyk öz howa giňişligine giren uçary urup ýykdy.

Uçaryň iki piloty paraşýutly aşak bökdi, emma olaryň biri – Oleg Peşkow siriýaly pitneçiler tarapyndan atylyp öldürildi.

Türkiýäniň bu hereketi Moskwanyň berk geaksiýa görkezmegine sebäp boldy.

Prezident Putin 28-nji noýabrda Türkiýä garşy bir topar sanksiýa girizýän karara gol çekdi.

Orsýetiň ötünç soramak çagaryşyndan boýun gaçyran prezident Rejep Taýyp Erdogan 28-nji noýabrda bu hadysa gynanandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG