Sepleriň elýeterliligi

Wepat bolan pilot Moskwa ugradylýar


Uçaryň iki piloty paraşýutly aşak bökdi, emma olaryň biri – Oleg Peşkow siriýaly pitneçiler tarapyndan atylyp öldürildi.

Uçaryň iki piloty paraşýutly aşak bökdi, emma olaryň biri – Oleg Peşkow siriýaly pitneçiler tarapyndan atylyp öldürildi.

Ankara geçen hepde Siriýanyň serhedinde urup ýykan rus uçarynyň pilotynyň jesedini Moskwa tabşyrmagy planlaşdyrýar.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu pilotyň jesediniň 29-njy noýabr güni irden, «Türkiýäniň inisiatiwalary arkaly», serhetdäki Hataý welaýatyna getirilendigini hem-de Orsýet ugradyljakdygyny aýtdy.

Ol Hataýdaky ýerli prowaslaw ybadathanasynyň wepat bolan pilot üçin dini dessurlary berjaý edendigini hem sözüne goşdy.

Türkiýe 24-nji noýabrda Siriýadan, duýduryşlara garaman, gysga wagtlyk öz howa giňişligine giren uçary urup ýykdy.

Uçaryň iki piloty paraşýutly aşak bökdi, emma olaryň biri – Oleg Peşkow siriýaly pitneçiler tarapyndan atylyp öldürildi.

Türkiýäniň bu hereketi Moskwanyň berk geaksiýa görkezmegine sebäp boldy.

Prezident Putin 28-nji noýabrda Türkiýä garşy bir topar sanksiýa girizýän karara gol çekdi. Orsýetiň ötünç soramak çagyryşyndan boýun gaçyran prezident Rejep Taýyp Erdogan 28-nji noýabrda bu hadysa gynanandygyny aýtdy.

"Biz beýle zadyň bolmagyny islemezdik, emma gynansak-da, şeýle iş boldy. Men indi beýle zadyň gaýdyp bolmazlygyna umyt baglaýaryn» diýip, ol uçar urlup ýykylaly bäri dile getiren iň ýaraşyk äheňli sözünde aýtdy.

Kremliň websaýtynda çap edilen kararda Orsýetiň milli howpsuzlygyny we rus raýatlaryny "jenaýatçylykly we beýleki bikanun işjeňliklerden goramagyň zerurlygy» barada gürrüň edilýär.

Putin bu kararda hökümete bu sanksiýalaryň täsir ýetirjek harytlarynyň, firmalarynyň we işleriniň sanawyny taýýarlamagy buýurýar. Yglan edilen käbir çäreler bolsa eýýäm formal däl ýagdaýda işe girizildi.

"Dörän ýagdaý görlüp-eşidilen däl. Orsýete tarap zyňlan ellik görlen zat däl. Onsoň muňa garşy görkezilýän reaksiýa hem şol howpa görä bolmaly» diýip, Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow bu karar çap edilmezinden birnäçe sagat ozal aýtdy.

Uly derejeli bir türk resmisi «Roýters» habar gullugyna bu sanksiýalaryň Moskwa bilen Ankaranyň arasyndaky gapma-garşylygy diňe erbetleşdirjekdigini aýtdy.

Erdogan 28-nji noýabrda ýurduň günbataryndaky Balikesir şäherinde öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş edip, hiç bir ýurduň bu ýagdaýyň ýitileşmegine hem-de ýykgynçylykly görnüşe geçip, «gelejege ýaramaz täsir ýetirmegine» ýol bermeli däldigini nygtady.

Şeýle-de ol Putin bilen geljek hepde Parižde boljak klimat konferensiýasynda ýüzbe-ýüz duşuşmak çagyryşyny gaýtalady.

Peskow Putiniň Erdoganyň duşuşyk talabyndan habarlydygyny, emma munuň bolmak ähtimallygy barada hiç bir yşarat görkezmändigini aýtdy. Peskow türk güýçleriniň eden işini «doly dälilik» diýip suratlandyrdy we Ankaranyň bu krizisden baş alyp çykjak bolşy «absurd teatryna» meňzedi diýdi.

"Hiç kimiň rus uçaryny arkadan haýynlarça urup ýykmak hukugy ýok» diýip, Peskow şenbe güni rus telewideniýesinde efire berlen gepleşikde aýtdy. "Prezident mobilizlendi, doly mobilizlendi, ýagdaýlaryň talap edýän derejesinde mobilizlendi» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG