Sepleriň elýeterliligi

Tanymal aklawçy topraga tabşyryldy


Tahir Elçi,

Tahir Elçi,

Türkiýede atyşyk mahalynda öldürilen tanymal aklawçy we adam hukuklary aktiwisti Tahir Elçi jaýlanyldy.

49 ýaşyndaky Elçi 28-nji noýabrda, Diýarbekir şäherinde, metbugat üçin beýanat edýärkä öldürildi.

Bu hadysada polisiýanyň iki sany ofiseri hem wepat boldy. Premýer-ministr Ahmet Dawutoglu häkimiýetleriň bu işi derňeýändigini aýtdy.

Kürtlere tarapdar partiýanyň lideri Selahetdin Demirtaş 29-njy noýabrdaky jaýlanyş dabarasyna gatnaşýanlara ýüzlenip, Elçi «syýasy ganhorlugyň» pidasy boldy diýdi.

Ol aklawçynyň öz ömrüni parahatçylyga, azatlyklara we doganlyga bagyşlandygyny aýtdy.

Elçi kürt pitneçileri bilen türk howpsuzlyk güýçleriniň arasynda parahatçylygy wagyz edýärdi.

XS
SM
MD
LG