Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Hasyl toýuny toýlaýar


Şu gün Türkmenistanda Hasyl toýy toýlanylýar. Ýurduň oba hojalyk işgärleriniň esasy baýramçylygy bolan Hasyl toýy her ýyl noýabryň soňky ýekşenbesinde bellenilýär.

Bu günde ýurduň işde, zähmetde tapawutlanan daýhanlary sylaglanýar, olara döwlet sylaglary, gymmatly sowgatlar we pul baýraklary gowşurylýar.

Hysyl toýunyň esasy dabaralary Aşgabatdaky atçylyk toplumynda geçirilýär. Bu ýerde ýurduň daýhanlarynyň gazanan üstünliklerini görkezýän sergi, ahal-teke atlarynyň ýaryşy geçirilýär diýip, RIA Novosti habar gullugy habar berýär.

XS
SM
MD
LG