Sepleriň elýeterliligi

Iki ysraýylly palestin oglany öldürmekde günäli tapyldy


Ysraýylyň sudy 2014-nji ýylda Ierusalimde palestin ýetginjegi öldürmekde aýyplanan iki ysraýyllyny günäli, diýip 30-njy noýabrda yglan etdi, emma ruhy barlaglaryndan geçýän üçünjisi babatynda resmi karar çykarmagyny yza tesdirdi.

Prokurorlaryň aýtmagyna görä, bu üç adam Mohammed Abu Hudairi ogurlap, ýenjendiklerini we diriligine otlandygyny boýun aldylar we muny Hamasyň söweşijileriniň üç ysraýylly ýaşlary öldürmegi üçin ar alandyklaryny aýtdylar.

Hüjümçileriň üçüsi Hudairini öldüren wagtynda kämillik ýaşyna ýetmändi.

Bu waka Ysraýylyň we Palestinanyň arasynda soňky ýedi hepdäniň dowamynda has güýçlenen zorlugy tutaşdyrypdy.

XS
SM
MD
LG