Sepleriň elýeterliligi

Daşkent: Öňki hökümet baştutany ýogaldy


Özbegistanyň hökümeti öňki premýer-ministr Utkir Sultanowyň 76 ýaşda aradan çykandygyny aýtdy.

Resmileriň aýtmagyna görä, Sultanow 28-nji noýabrda ýogalypdyr we 29-njy noýabrda onuň resmi jaýlanyş çäresi geçirilipdir.

AÝ/AR-nyň özbek gullugy Sultanowyň ençeme ýyllap böwrek keselinden ejir çekendigini aýdýar.

Sultanow 1995-nji we 2003-nji ýyllaryň aralygynda Özbegistanyň hökümetine baştutanlyk edipdi, yzýany 2006-njy ýyla çenli hökümet baştutanynyň orunbasary wezipesinde işläpdi.

Utkir Sultanow 2011-nji ýyla çenli Çkalow Daşkent Awiasiýa önümçilik bileleşiginiň baş müdiri wezipesinde işläpdi.

XS
SM
MD
LG