Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eldar Rýazanow aradan cykdy


Režissýor Eldar Rýazanow
Režissýor Eldar Rýazanow

Iň meşhur sowet we rus kinorežissýorlarynyň biri Eldar Rýazanow 88 ýaşynda ýürek we öýken nähoşlygyndan ýogaldy.

TASS agentligi Rýazanowyň garyndaşlaryna salgylanyp, onuň 30-njy noýabrda irden Moskwanyň keselhanasynda aradan çykandygyny habar berdi.

Rýazanowyň tragiki komediýalary Sowet Soýuzyndaky gündeki durmuşyndaky nogsanlyklary, sowet býrokratiýasyny ýaňsylaýardy. Emma onuň ýeňil satirasy kommunistik senzuradan sypmaga mümkinçilik berýärdi.

Rýazanow 2006-njy ýyla çenli Orsýetde film alýardy.

Rýazanowyň “Karnawal gijesi”, “Garaž” ýaly filmleri köpçülige ýakyndan tanyş.

Eldar Rýazanow 2014-nji ýylyň noýabr aýynda insulty başdan geçirensoň ençeme aýlap keselhanada bolupdy.

XS
SM
MD
LG