Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew Türkiýäni, Orsýeti derňewe ündeýär


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Astana

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Astana

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Türkiýäni we Orsýeti Türkiýäniň Siriýa bilen serhediniň golabynda orsýet uçarynyň urlup ýere gaçyrylmagyny derňemek üçin ikitaraplaýyn komissiýany döretmäge çagyrdy.

Prezidentiň administrasiýasynyň aýtmagyna görä, Nazarbaýew Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen 30-njy noýabrda irden geçirilen telefon gepleşiginde Ankaranyň Orsýet bilen gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagyna aladalanma bildiripdir.

Gazagystanyň prezidentiniň metbugat-gullugynyň aýtmagyna görä, Nazarbaýew Erdogana Türkiýäniň we Orsýetiň ikisiniň-de gatnaşyklary saklamak üçin “jogapkärçilikli çemeleşigi” görkezmelidigini aýdypdyr.

Türkiýe uçaryň öz giňişligini bozýandygyny we pilotlaryň duýduryşlary äsgermändiklerini aýdýar.

Ankara gynanç bildirdi, emma ötünç soramak barada Orsýet tarapydan edilen talaby inkär etdi.

Orsýet öz uçarynyň Siriýanyň giňişliginiň çäginden çykmandygyny aýdýar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 28-nji noýabrda Türkiýä garşy ykdysdy sanksiýalary yglan etdi.

XS
SM
MD
LG