Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Pilotynyň jesedi Orsýete eltildi


Podpolkownik Oleg Peşkowyň Orsýetiň Goranmak ministrliginde goýlan suraty, Moskwa, 26-njy noýabr, 2015.

Podpolkownik Oleg Peşkowyň Orsýetiň Goranmak ministrliginde goýlan suraty, Moskwa, 26-njy noýabr, 2015.

Türkiýäniň söweş uçarynyň oka tutulmagynda urlup ýere gaçan orsýet uçarynyň geçen hepdede öldürilen pilotynyň jesedi Orsýete iberildi.

Ankaradan gowuşan maglumatlara görä, pilotyň jesedi 29-njy noýabrda Siriýadan Ankara we 30-njy noýabrda Ankaradan Orsýete eltilipdir.

Türkiýe 24-nji noýabrda Siriýadan Türkiýäniň giňişligine gysga wagtlyk giren orsýet uçaryny birnäçe duýduryşdan soň atyp ýere gaçyrandygyny aýdýar.

Uçary paraşutly terk eden pilotlar siriýaly gozgalaňçylar tarapyndan oka tutuldy we olaryň biri Oleg Peşkow öldürildi.

Türkiýäniň hereketi Moskwa tarapyndan berk reaksiýa eýe boldy we iki ýurduň gatnaşyklarynda dartgynlylyk döretdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 28-nji noýabrda eden çykyşynda bu ýagdaýy “arkadan pyçak urmak” hökmünde häsiýetlendirdi we Türkiýä garşy ykdysady sanksiýalary yglan etdi. Orsýet öz uçarynyň Siriýanyň giňişliginden çykmandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG