Sepleriň elýeterliligi

'YD' gatnaşykly iki adam Gyrgyzystana tabşyryldy


Täjigistan iki gyrgyz raýatyny Gyrgyzystana iberdi olar “Yslam döwleti” toparynyň hatarynda Siriýada we Yrakda söweşmek üçin adamlary hakyna tutmak bilen bagly aýyplamalar esasynda sud edilerler.

Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy Jahongir Kurmişewiň we Kanybek Miýimanowyň Gyrgyzystanyň kanun goraýjylaryna tabşyrylandygyny 30-njy noýabrda tassyklady.

Gyrgyzystanyň bu iki raýaty Täjigistanyň demirgazyk Sughd regionynda sentýabr aýynda tussag edilipdi. Olar dört täjik zenanyny öz çagalary bilen bilelikde “Yslam döwleti” toparyna goşulmaga ynandyrmakda we olaryň Gyrgyzystanyň hem Türkiýäniň üstünden Siriýa aşmagyny gurnamakda aýyplanýarlar.

Täjigistanyň häkimiýetleri sentýabr aýynda toparyň ýurduň daşyna çykmagynyň öňüni alyp, derňewe başlapdy.

Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň häkimiýetleri ýüzlerçe raýatynyň “Yslam döwleti” toparynyň düzüminde Siriýada we Yrakda söweşýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG