Sepleriň elýeterliligi

Kabul: 'Hüjüm howpy' yglan edildi


ABŞ 30-njy sentýabrda amerikan raýatlaryna duýduryş edip, 48 sagadyň dowamynda Kabulda “hüjüm howpunyň” saklanjagyny aýtdy.

ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasy “howpuň güýçlenen” döwründe has hüşgär bolmaga çagyrýar. Emma potensial nyşanlar we hüjümleriň görnüşi barada jikme- jik maglumat berilmedi.

Ilçihana howpsuzlyk duýduryşlaryny wagtal-wagtal edýär. Soňky duýduryş BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Parižde geçirilýän sammitiniň çäginde Owganystanyň we Pakistanyň planlaşdyrýan duşuşygyna gabat gelýär.

Aşraf Ghaniniň we Nawaz Sharifiň arasynda duşuşygyň geçirilen ýagdaýynda bu Yslamabadyň araçylygynda “Talyban” bilen parhatçylyk ugrundaky gepleşikleri dikeltmeklige tarap möhüm ädim bolup biler.

XS
SM
MD
LG