Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedowyň aýdymy "rekord" goýdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna düzülendigi aýdylýan “Öňe, öňe, diňe öňe, jan watanym – Türkmenistan” atly aýdym “Ginness rekordlar kitabyna” girdi. Bu barada türkmen mediasy habar berýär.

Agzalan aýdym geçen annada – türki döwletleriň medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan “2015-nji ýylda Türki dilli dünýäniň medeni paýtagty” diýlip atlandyrylan – Mary şäherinde gurnalan konsert çäresinde ýaňlandy. Gürrüňi gidýän dabara Marynyň bu missiýasynyň tamamlanmagyna bagyşlanyp geçirildi.

Bu waka mynasybetli dikilen ägirt uly “ak öýüň” içinde geçirilen konsertde TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet işgärleri çykyş edip, dabaranyň ahyrynda bolsa Berdimuhamedowyň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan watanym – Türkmenistan” atly aýdymy aýdyldy.

Serweriň ýalňyşy

Oops, as you can see, this is not what we wanted to show you!

This URL has been sent to our support web team to look into it immediately. Our apologies.

Please use Search above to see if you can find it elsewhere

Türkmen mediasynyň reportažynda bir tarapdan ýörite ýerleşdirilen monitorlarda sintezatoryň öňündäki Berdimuhamedowyň ellerini galgadyp, aýdym aýdyp duran ýazgydaky pursatlary görkezilse, beýleki tarapdan dabaradaky 4 müň çemesi adamyň, dik aýak üstünde, Berdimuhamedowyň yzy bilen hiňlenýän pursatlary görkezildi.

“Ginness rekordlar kitabynyň” gürrüňi gidýän çärä gatnaşan wekili Şeýda Subaşi-Gemiji munuň “dünýä rekordy hökmünde ‘Ginness rekordlar kitabyna’ hasaba alnandygyny” mälim edip, türkmen tarapyna degişli şahadatnamany gowşurdy.

Şeýle-de “Ginness rekordlar kitabynyň” wekili, türkmen mediasynyň sözleri bilen aýdylanda, “şeýle ajaýyp eser döredendigi üçin türkmen prezidentine hoşallygyny” bildiripdir.

Emma welin, gürrüňi gidýän rekordyň anyk kesgitlemesi, şeýle-de onuň takyk haýsy üstünlik hökmünde kesgitlenendigi aýan edilmedi. Ginness rekordlar kitabynyň resmi saýtynda hem häzirlikçe bu barada hiç hili maglumat ýerleşdirilmändir.

Gepiň gerdişine görä ýatladyp geçsek, Berdimuhamedowyň ozal hem gitara çalyp aýdym aýdan, dj pultunyň öňünde sazandalyk eden gezekleri bolupdy. Belläp geçsek, bu çykyşlar hem konsert zallarynda ýerleşdirilen monitorlarda diňe ýazgyda görkezilipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG