Sepleriň elýeterliligi

Britaniýada geçirilen pikir soralyşykdan musulmanlar nägile


Siriýanyň Rakka şäherindäki yslamçy söweşiji.

Siriýanyň Rakka şäherindäki yslamçy söweşiji.

"The Times" gazetiniň ýazmagyna görä, Britaniýada takmynan her bäş musulmandan biri Siriýa söweşmäge gidenlere oňaýly garaýar.

Agzalýan gazet muny "The Survation" atly firmanyň geçiren pikir soralyşygyna esaslanyp ýazypdyr.

Pikir soralyşyga gatnaşan we Britaniýada ýaşaýan 1000 musulmanyň ýüzden on dokuz böleginiň "Siriýadaky ýaragly toparlara goşulmak üçin Angliýadan ol ýere gidýänlere wagtlaýynça, ýagny az salymlyk hem bolsa oňaýly garaýandygyny” mälim edipdir.

18 bilen 34 ýaşyň arasynda bolan musulman ýaşlaryň bolsa ýüzden ýigrimi bäş böleginiň şeýle pikirdedigi bildirilipdir.

Pikir soralyşyga gatnaşanlaryň ýüzden bäş bölegi hem, hamana, Siriýadaky ýaragly toparlara goşulmaga gidenlere indi has köp buýsanç duýýandygyny mälim edipdir.

Musulmanlar ylalaşmaýarlar

Pikir soralyşyga gatnaşanlaryň ýüzden on dokuz bölegi, Siriýada "Yslam döwlet" toparyna garşy howa hüjümleriniň gurnalmagyny isleýän Beýik Britaniýanyň premýer-ministri David Cameron (Deýwid Kemeron) bilen pikirdeşdir.

Pikir soralyşygyň umumy netijesiniň aýan edilmeginden soň iki ýüze golaý dindar musulman "The Times" gazetine ýörite hat iberdiler.

Olar "Yslam döwleti" toparynyň ähli halklar üçin howpdugyny aýdýarlar. Ol toparyň Parižde gurnan terrorçylykly hüjümlerini hem berk ýazgarýarlar. Hatda şeýle diýilýär: "Yslamyň adyndan zalymlygyň edilmegi bizi gaty näräzy edýär".

Gazet Angliýada käbir edaralaryň "The Survation" atly firmanyň geçiren pikir soralyşygynyň ygtybarlylygyny barlamak üçin derňew geçirýändigini hem mälim edipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG