Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Owganystany maslahat edýär


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg, Brussel, 30-njy noýabr, 2015
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg, Brussel, 30-njy noýabr, 2015

NATO-nyň daşary işler ministleri 1-nji dekabrda Brusseldäki duşuşygynda harby bileleşigiň Owganystandaky geljekki rolyny maslahat edýärler.

Howpsuzlyk ýagdaýyň ýaramazlaşmagy sebäpli Owganystandan goşunlaryň çykarylmagyny yza tesdirmek barada çagyryşlar barha güýçlenýär.

1-nji ýanwardan başlap öz ýurdunyň howpsuzlygyny üpjün etmegi formal taýdan öz üstüne alan owgan güýçleri “Talybanyň” we beýleki yslamçylaryň hüjümleriniň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Oktýabr aýynda prezident Barak Obama ABŞ-nyň planlaşdyryşyna görä goşunlaryny çykarmagyň ýerine Owganystandaky harby täsirini ýaýbaňlandyrjakdygyny yglan etdi.

NATO indiki ýylda Owganystanda harbylarynyň ozalky sanyny ýagny “çak bilen 12000 çemesi esgerini” saklamagy göz öňünde tutýar, diýip bileleşigiň baş sekretary Jens Stoltenberg 30-njy noýabr AÝ/AR-na aýtdy.

Şeýle-de Stoltenberg Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz, Farýab we Badahşan welaýatlarynda yslamçy toparlaryň zorluklarynyň güýçlenmegine garamazdan, NATO-nyň Owganystanda täze söweş operasiýalaryny amala aşyrmaga garamaýandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG