Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Üç çaga heläk boldy


Owganystanyň polisiýasy ýurduň demirgazygynda bolan partlamada üç çaganyň wepat bolandygyny we 12 çaganyň ýaralanandygyny aýtdy.

Polisiýanyň metbugat-wekiliniň aýtmagyna görä, partlama 1-nji dekabrda Badahşan welaýatynyň paýtagty Puli Kumriniň eteginde bolupdyr. Pidalar 7 we 12 ýaş aralygyndaky çagalar.

Partlamanyň sebäpleri nämälim galýar. Polisiýa partlama minanyň ýa-da uruşlardan galan başga bir ýaragyň sebäp bolmagynyň ähtimallygyny aradan aýyrmaýar.

XS
SM
MD
LG