Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko orsýet raýatyny bagyşlady


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (s) boşadylan ukrain esgeri Andriý Hreçanow bilen, Kiýew, 1-nji dekabr, 2015
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (s) boşadylan ukrain esgeri Andriý Hreçanow bilen, Kiýew, 1-nji dekabr, 2015

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko gündogar Ukrainada tussag edilen orsýet raýatynyň günäsini geçip, ony orsýetçi separatistleriň ele salan ukrain esgerine çalyşdy.

Poroşenko bu waka barada öz resmi websaýtynda habar berdi. Saýtda Poroşenkonyň boşadylan ukrain esgeri Andriý Hreçanow bilen duşuşygyny görkezýän surat çap edildi.

Poroşenko iýul aýynda tussag edilen we yzýany 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Wladimir Starkowyň günäsini geçendigini aýtdy. Ukrainanyň howpsuzlyk gulluklary Starkowyň özüniň Orsýetiň harby ofiseridigini boýun alýan wideosyny ýaradypdy.

Orsýet gündogar Ukraina öz harbylaryny we ýarag ýollaýandygyny ret edýär. Gündogar Ukrainada separatistleriň we hökümet güýçleriniň arasynda gidýän söweşler zerarly 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 7900 gowrak wepat boldy.

XS
SM
MD
LG