Sepleriň elýeterliligi

Siriýa türkmenleri: "Türkmenistan nirede?"


Siriýaly türkmen çagalary.

Siriýaly türkmen çagalary.

Türk söweş uçarlarynyň Orsýetiň SU-24 kysymly uçaryny urup düşürmegi bilen, Siriýanyň Türkiýe bilen serhetleşýän Baýyr-bujak sebitiniň we ylaýtada Türkmen dagynyň atlary dünýäniň dürli metbugat serişdelerinde peýda boldy.

Bu sebitde ýaşaýan etniki türkmenleriň käbirleri özleriniň režim güýçleri bilen bir hatarda ors harbylarynyň hüjümlerine yzygiderli duçar bolýandygyny aýdýarlar. Siriýadaky Türkmen milli hereket partiýasynyň başlygynyň orunbasary Arif Emeç hem metbugat çykyşynda: "Orslar bombalaýarka, Türkmenistan nirede?" diýdi.

Eýse, Siriýa türkmenleri dünýä türkmenleriniň ata watany diýilýän Türkmenistan hökümetinden nämä garaşýarlar? Siriýanyň režim güýçleri bilen bilelikde ors zarbalary astynda galan etniki türkmenler häzirki döwürde nähili ýagdaýlary başdan geçirýärler? Türkmenistandan goldaw ýokdugyndan nägile bolýan türkmenlere kimler nähili kömek edýär?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň geljek sanynda siriýaly türkmenleriň käbirleri bilen olaryň başdan geçirýän ýagdaýlary barada gürrüň edýär. Gepleşige gatnaşyp, öz bilýän maglumatlary bilen goşant goşmak isleýänler biziň bilen hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com salgylarynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip bilerler. Teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma ýazyp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG