Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Orsýeti öz etmişini ýaşyrmakda aýyplady


Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu, Ankara, 30-njy noýabr, 2015
Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu, Ankara, 30-njy noýabr, 2015

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu Orsýetiň Ankarany Siriýadaky “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerinden nebiti satyn almakda aýyplamak arkaly özüniň Türkiýäniň howa giňişligini bozandygynyň “üstüni ýaşyrjak” bolýandygyny aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Türkiýäni orsýet uçaryny oka tutup, özi üçin girdejili nebit söwdasyny gorajak bolmakda aýyplady. Türkiýe bu aýyplamalary ret edýär.

Dawutoglu 1-nji dekabrda eden çykyşynda Orsýete ýene çagyryş edip, harby we diplomatik ýollaryny açyk saklamaga ündedi, şeýle-de Orsýetiň pozisiýasynyň Siriýadaky krizisi “Orsýetiň we Türkiýäniň arasyndaky krizise” öwürýändigini belledi.

Türkiýe 24-njy noýabrda özüniň F-16 kysymly uçarynyň oka tutup, ýere gaçyran Orsýetiň Suhoý Su-24M söweş uçarynyň Türkiýäniň howa giňişligini bozandygyny aýdýar.

Orsýet öz uçarynyň Siriýanyň giňişliginde bolandygyny nygtaýar.

XS
SM
MD
LG