Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: Howpsuzlyk çäreleri dowam edýär


Bakunyň golaýyndaky Nardaran obasy, 1-nji dekabr, 2015
Bakunyň golaýyndaky Nardaran obasy, 1-nji dekabr, 2015

Azerbaýjanyň kanun goraýjy resmileri paýtagt Bakunyň eteginde geçen hepdede ýedi adamyň öldürilmegi bilen bagly dartgynlylygyň dörän etrabynda howpsuzlyk çäreleriniň dowam etdirilýändigini aýdýarlar.

Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi, Milli howpsuzlyk ministrligi we Baş prokuraturasy 1-nji dekabrda bilelikde ýaýradan beýannamasynda çäreleriň “raýatlary, hukuklary we azatlyklary goramak” maksatly we “jenaýatçylaryň” elindäki ýaraglary almak üçin geçirilýändigini aýtdylar.

26-njy noýabrda howpsuzlyk güýçleri we polisiýa Bakunyň etegindäki Nardaran obasynda “dini ekstremistler” bolmakda güman edilýänlere garşy diýip reýd geçirdiler. Şonda ýedi adam, şol sanda iki polisiýa ofiseri wepat boldy.

XS
SM
MD
LG