Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hakykaty aýtmak pursady


Şahyr Şiraly.
Şahyr Şiraly.

Sanlyja günden şahyr Şiraly 70 ýaşaýar. Ýetmiş ýyl şahyr üçin agyr göreş hem ýowuz synag boldy. Ol bu ömürde uly hyzmaty amala aşyrdy.

Oýanyş

Her bir täze ugur öz gözbaşyny uly medeniýetden alyp gaýdýar. Ýöne gözbaşda belli adamlar durýar. Türkmen edebiýatynyň Gaýtawul beriş ugrunyň başynda şahyr Şiraly durdy. Şol agyr hyzmata onuň bir özi hötde geldi. Bu edebiýat 90-njy ýyllaryň başlaryndan ýüze çydy.

Şol döwürde ýurda Kommunistik partiýa agalyk edýärdi. SSSR dünýädäki iň kuwwatly hem haýbatly imperiýa saýylýardy.

Şahyr Şiraly we onuň aýaly Maral.
Şahyr Şiraly we onuň aýaly Maral.

Bir güýç beýleki bir garşylygy döredýär. Kommunistik düzgüniň garşysyna owaly almaataly ýaşlar – gazak studentleri çykdylar. Soňra Baltika ýaka döwletlerinde oýanyş başlandy. Aýratyn-da Litwa hem Gruziýa öz garaşsyzlygyny talap edip başladylar. Her bir galkynyş adam pidalary, gan dökmek hem türme çäreleri bilen basylyp ýatyrylýardy. Ýöne ol barha giňäp barýardy.

Dürli halklaryň, dürli respublikalaryň arasyndaky öňe sürülýän talaplar meňzeşdi hem esasan almaataly ýaşlaryň ideýasyna ugurdaş bolup, ýurduň Döwlet dili öz ene dili bolmaly, ýurda Moskwa däl-de, milli kadrlar ýolbaşçylyk etmeli, Kommunistik partiýa alternatiwada durýan beýleki partiýalara rugsat bermeli, saýlawlar görkezilen adama ses üçin däl, birini seçip-saýlamak esasynda geçirilmeli diýilýärdi.

Tanalmaýan türkmen

Türkmenistanda erkinlik ugrundaky oýanyş duýulmaýardy. Şahyr Şiraly “Men türkmen gözledim” goşgusynda özüniň birwagtky azatlyk söýen milletini tanap bilmeýändigini aýtdy.

Gözüm ýaşarýança seretdim, ýöne

Tanamadym Taňry gargan milleti.

Şahyr milletiň düşen ýagdaýyna haýran galdy.

Bilmedim, ne döw çaldy türkmene,

Argyşdan gelen dek süýji ýatyr ol.

Için hümledip ýör ýeke-ýekeden,

Üýşürseňem el çarpyşyp otyr ol.

Şahyryň sesi

Açykdan-açyk hakykaty aýtmak pursady gelip ýetdi. Şahyr görüp duran hakykatyny, töwerek-daşynda bolup geçýän ýagdaýy aýtman saklanmagy özüne peslik bildi.

Gör, kime şam boldy, baýlygyň, aşyň,

Galdyr ýüzüň, gara töwerek-daşyň!

Diňe ar-namys diýp goýupdyň başyň…

Nätjek, bu gün namysdanam ölmediň.

Aslynda şahyryň sesi halk köpçüligine ýetipdi. Ony diňleýärdiler hem dymýardylar. Diýmek, makullaýardylar. Ýöne şahyryň sözüni baýdak edinip, öňe çykyberen bolmady.

Şahyr bolsa öz göreşini dowam etdirdi.

Eý, Taňrym!

Meniň şeýle halkym bardy – buýsançly!

Şeýle bir merdemsi, şeýle namysjaň...

Garşy durmak

Eýsem halky kim beýle ruhy gapyllyga saldy? Onuň ruhuny kim öçürdi? Elbetde, ilki kolonial sütem, soňra bolsa şol kolonial düzgüne hyzmat edip gelen ýolbaşçylar.

Şahyr agalyk edýän syýasy düzgüniň başynda kimleriň durandygyny görmegi başardy. Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň şol wagtky 1-nji sekretary Saparmyrat Nyýazowa ýüzlenip: “Sapar jan, saňa näm boldy?” diýdi.

Beýleki bir goşgusynda:

Saparmyrat hanymyz,

Ýuwa-ýelmik nanymyz –

diýip, onuň nähili serdardygyny aýtdy.

Ol S. Nyýazowy ýeke goýmady. Onuň töweregindäkileri hem atma-at agzap geçdi. Ol görlüp-eşidilmedik hakykaty aýtdy. Ol islenilýän, emma hiç kimiň dili öwrülmeýän hakykaty aýtdy. Şol döwürde munuň bir çeti gulagyna baryp ýeten S. Nyýazow: “men seni türmä basdyraryn” diýip, köpçüligiň arasynda şahyra haýbat atdy.

Şeýlelikde, bolmaly iş amala aşdy. Şahyr öz sözüni köpçülige ýetirdi. Bu gadymy toprakda beýle açyk hakykat ummasyz köp wagtlap bolmandy. Şahyryň sözi her bir öýe, her bir türkmene baryp ýetdi.

Şol ýowuz hem açyk hakykatdan soň, S. Nyýazowy öwýän hem götergiläp, arşa ýetirmek isleýän şahyrlar köpelip başlady. Onuň şanyna “ak saçly perişde”, “serdar” şekilli aýdymlar döretdiler. Döwlet ýolbaşçysy saçyny gara reňke boýadansoň, ony pygamber atlandyryp başladylar. Ýurduň baş şahyrlaryndan biri oňa hut “Alla!” diýip ýüzlendi. Şahyryň dakan “Sapar jan” adyny welin hiç kim aýryp bilmedi.

Prezidentiň beýik derejeleri barada şeýle diýdi.

Wagtlaýyn bolsaň, pygamber dälsiň,

Adam dälsiň gelen bolsaň ömürlik.

Hak söz ýol aldy.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG