Sepleriň elýeterliligi

Obama Türkiýä we Orsýete çagyryş etdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama.

Amerikan prezidenti Barak Obama Türkiýe bilen Orsýeti bir hepde mundan ozal türk uçarlarynyň Orsýetiň söweş uçaryny urup ýykmagy netijesinde dörän dartgynlylygy "gowşatmaga" çagyrdy.

Obama bu beýanaty 1-nji dekabrda Parižde klimat sammitiniň gapdalynda türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşanyndan soň etdi.

Amerikan prezidenti "Birleşen Ştatlar Türkiýäniň özüni goramak hukugyny goldaýar", ýöne ähli taraplaryň üns bermeli duşmany "Yslam döwleti" atly jeňçi topar diýdi.

Türkiýe öz F-16 uçarlarynyň ”Suhoý” Su-25M söweş uçaryny 24-nji noýabrda Türkiýäniň howa giňişligine gireninden we türk pilotlarynyň oňa 10 gezek duýduryş bereninden soň atyp ýykandygyny aýdýar.

Habarlaşyk kanallary

Orsýet bolsa uçar Siriýanyň howa giňişliginde uruldy diýýär.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu mundan beýläk uçaryň urlup ýykylmagy ýaly hadysalaryň bolmazlygy üçin Türkiýe bilen Orsýetiň arasynda habarlaşyk kanallarynyň açylmagyna çagyrdy.

Bolan hadysa sebäpli Türkiýäniň garşysyna ykdysady sanksiýalary girizmek boýunça permana gol çeken Putin Türkiýe agzalýan uçary "Yslam döwleti" jeňçilerinden gelýän nebit üpjünçiligini goramak üçin atyp ýykdy diýdi.

Dawutoglunyň 1-nji dekabrda bellemegine görä bolsa, Orsýet Ankara Siriýadaky "Yslam döwleti" toparyndan bikanun nebit import edýär diýýän "esassyz" gürrüňleri özüniň Türkiýäniň howa giňişligini bozanlygyny "bassyr-ýussyr" etjek bolup aýdýar.

Ors prezidenti Wladimir Putin Türkiýe düşewüntli nebit söwdasyny goramak üçin ors uçaryny atyp ýykdy diýdi. Ankara bu aýyplamany ret edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG