Sepleriň elýeterliligi

Pakistan dört adamy asyp öldürdi


Pakistan geçen ýylda “Talybanyň” mekdebe hüjüm edip, 151 adamyň, esasan çagalaryň ölümine getiren hüjüme gatnaşandygy üçin dört adamy asdy.

2-nji dekabrda irden amala aşyrylan jeza geçen ýylyň 16-njy dekabrynda “Talybanyň” söweşijileriniň Peşawarda harby mekdebe eden hüjümi bilen bagly ilkinji çäredir.

Bu hüjüm Pakistanda gahar-gazap döredip, hökümetiň ekstremizme garşy çärelerini güýçlendirdi, şol sanda alty ýyllap dowam eden gadagançylykdan soň ölüm jezasynyň dikeldilmegine getirdi.

Howpsuzlyk çeşmeleri dört adamyň Kohat şäheriniň merkezi türmesinde jezalandyrylandygyny habar berdiler.

Harby mekdebe edilen hüjümde wepat bolanlaryň garyndaşlarynyň adamlaryň asylmagy baradaky habary kanagatlanma bilen kabul edendikleri habar berilýär.

XS
SM
MD
LG