Sepleriň elýeterliligi

Orsýet NATO duýduryş etdi


Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Kremliň metbugat-wekili NATO-nyň gündogara tarap ýaýbaňlanmagynyň dowan etdirilmeginiň jogap beriji çärelere ýol açýandygyny aýtdy.

Orsýetiň bu duýduryşy NATO-nyň daşary işler ministrleriniň 2-nji dekabrda Brusselde geçiren maslahatynda Çernogoriýany harby bileleşige formal taýdan çagyrmagynyň yzýany edildi.

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskowyň 2-nji dekabrda eden çykyşynyň öňýanynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri NATO-nyň ýaýbaňlanmagynyň Orsýete garşy gönükdirilmeýändigini aýtdy.

“NATO hiç kime howp salmaýar... ol goranyş bileleşigi, ol howpsuzlygy üpjün etmegi maksat edinýär”, diýip Kerri Brusselde geçirilen metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG