Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kerri: 'YD' garşy has köp çäre görüler


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri NATO-nyň daşary işler ministrleriniň maslahatynda, Brussel, 2-nji dekabr, 2015

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri NATO-nyň daşary işler ministrleriniň maslahatynda, Brussel, 2-nji dekabr, 2015

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri NATO-nyň beýleki agzalarynyň “Yslam döwleti” toparyna garşy göreş ugrunda has köp çäre görmäge isleg bildirendiklerini aýtdy.

Kerri bu çykyşyny 2-nji dekabrda Brusselde NATO-nyň daşary işler ministrleriniň iki günlük maslahat geçirýän wagtynda etdi.

Germaniýa ýaňy-ýakynda Ýakyn Gündogara söweşiji roly bolmadyk ýardam üçin güýç we serişde ibermegi makullady.

Britaniýanyň Siriýada “YD” toparyna garşy howa hüjümlerini ýaýbaňlandyrmagy barada 2-nji dekabrda ses berişligiň geçirilmegine garaşylýar.

Jon Kerri beýleki ýurtlaryň hem öz planlaryny öňe sürmegine garaşylýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG