Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystanda ýene bir ymam öldürildi


Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionyndaky Dagystanda ymam hüjüm sezewar edilip, öldürildi.

Dagystanyň polisiýanyň resmileri 1-nji dekabrda agşam Çeçenistan bilen serhediniň golaýyndaky Hasawýurt şäherinde näbelli hüjümçileriň ymam Suleiman Kokrekskini atyp öldürendiklerini habar berdiler.

Kokrekskiý soňky aýlarda Dagystanda näbelli hüjümçiler tarapyndan öldürilen üçünji ymamdyr. Awgust we sentýabr aýlarynda ymamlar Zamirbek Mahmudow we Magomed Hydyrow atylyp öldürilipdi.

Dagystan postsowet döwründe goňşy Çeçenistanda bolan iki sany separatist urşundan soň güýçlenen yslamçy gozgalaňçylyk, guramaçylykly jenaýatçylyk, syýasy gapma-garşylyklar we toparlaryň arasyndaky duşmançylyk bilen bagly zorluklara duçar boldy.

Aram musulmanlar, žurnalistler, polisiýa wekilleri we resmiler ýygy-ýygydan hüjümlere sezewar edilýärler.

XS
SM
MD
LG