Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Montenegrony harby ýaranlyga goşulmaga çagyrdy


Montenegro NATO goşulmaga çagyryldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:00 0:00

Montenegro NATO goşulmaga çagyryldy

NATO agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň Montenegrony 2017-nji ýylda bu harby ýaranlyga goşulmaga çagyrmak baradaky ylalaşygy Orsýetiň bu meselede anyk kesgitlenmedik jeza çäreleri bilen haýbat atmagyna getirdi.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg 2-nji dekabrda Brýusselde: "Biz Montenegrony gutlaýarys" diýdi.

Ol bu çakylyk " NATO-nyň öz gapysyny açyk saklaýandygyny" we "biziň tutuş Ýewropanyň geljekdäki asudalygy baradaky arzuwlarymyza" söýget bolýandygyny aýdyň görkezýär diýdi.

Montenegronyň premýer-ministriniň orunbasary Igor Luksiç hem NATO-nyň çakylygyny "bütin günbatar Balkanlar üçin oňaýly alamat" diýip häsiýetlendirdi.

“Howp salanok”

Moskwada bolsa prezident Wladimir Putiniň sözçüsi "NATO-nyň we onuň harby infrastrukturasynyň gündogara tarap giňemegi gündogar, ýagny Orsýet tarapyndan jogapsyz galdyrylmaz" diýip, Moskwa gaýta-gaýta duýduryş berdi diýdi.

Sözçi Dmitriý Peskow bu jogaplaryň näme hereketlerden ybarat boljakdygy barada maglumat bermekden saklanyp, olar "Orsýetiň howpsuzlyk bähbitlerini" we Moskwa bilen NATO-nyň arasynda "deňligi üpjün etmäge" gönükdiriler diýdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri NATO hiç kime, şol sanda Orsýete-de howp salanok diýdi.

NATO "goranmak boýunça bir ýaranlyk, maksat diňe howpsuzlygy üpjün etmek. Ol Orsýete ýa başga birine garşy gönükdirilenok" diýip, Jon Kerri Brýusselde geçen metbugat ýygnagynda aýtdy.

“Proýektler ýatyrylar”

Moskwa 600 müň ilatly Montenegrony Günbataryň harby ýaranlygyna goşulma pikirinden dändirjek bolup, işjeň synanyşdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Montenegronyň NATO girmegi "Ýewropanyň howpsuzlygyna we Orsýet bilen NATO-nyň arasyndaky gatnaşyga urlan ýene bir zarba bolar" diýip, duýduryş berdi.

Moskwa ondan ozal hem NATO-nyň Balkanlara tarap giňemegini "prowokasiýa" diýip atlandyryp, Ýewropa bilen integrasiýa Montenegro abadançylyk getirmez diýip duýduryş beripdi.

Orsýetiň döwlet tarapyndan ýöredilýän "RIA" habar gullugynyň bildirmegine görä, ors parlamentiniň ýokary palatasynyň uly derejeli bir agzasy 2-nji dekabrda Montenegro NATO goşulsa, Orsýet bu ýurt bilen bilelikde alnyp barylýan proýektleri ýatyrar diýýär.

28 agza döwletiň parlamentleri oňlamaly

NATO-nyň, Ukraina sebäpli dowam edýän dartgynlylyga garamazdan, Montenegrony özüniň 29-njy agzasy bolmaga çagyrmagynyň Orsýet üçin onuň öz hereketleri bilen NATO-ny mundan beýläk-de giňeme pikirinden dändirip bilmejekdigini görkezýän alamat bolmagy mümkin.

Ukrainada 2014-nji ýylyň fewralynda prezident Wiktor Ýanukowiç häkimiýet başyndan kowlanyndan soň ýurt Günbatar bilen ýakyn gatnaşyklara girişmäge synanyşanda, Orsýet Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp aldy. Moskwa häzirem gündogar Ukrainada orsýetçi separatistleri goldamagy dowam etdirýär. Kiýew bilen separatistleriň arasyndaky uruşda 8 müňden agdyk adam öldi.

Montenegro NATO goşulmaga çagyrylsa-da, onuň harby ýaranlyga resmi suratda girmeginiň 18 aýa çekmegi mümkin. Haýsy hem bolsa bir ýurt ýaranlyga goşuljak bolsa, ony 28 agza döwletiň parlamentleri oňlamaly.

Luksiç 2-nji dekabrda Brýusselde öz ýurdunyň alyp barýan reformalaryny, şol sanda korrupsiýa garşy göreşi-de dowam etdirjekdigini, şeýle hem goranmak sektoryny gowulandyrjakdygyny wada etdi.

Luksiç "Biz çakylygyň prosesiň soňy däl-de, eýse täze prosesiň başyny aňladýandygyny doly bilýäris. Başgalaryny begendirmek üçin däl, öz jemgyýetimizi gowulyga tarap üýtgetmek üçin biz [ýagdaýy] dowamly gowulandyrmaga we ýadawsyz işlemäge ymtylýarys" diýýär.

XS
SM
MD
LG