Sepleriň elýeterliligi

"Döredijilikli we prowokatiw zehini ýok etmek iň aýylganç faşizmdir"


Karl Rahder

Karl Rahder

Rafik Tagynyň öldürilmegine dünýä boýunça reaksiýalar

Karl Rahder, halkara metbugatda Günorta Kawkaz, Gündogar Ýewropa, ozalky SSSR, Ukraina, Daglyk Garabag problemasy we beýleki temalarda žurnalistiki makalalary hem analitiki synlary ýazýar. Ol Owganystanda hem demokratiýa boýunça işläpdir.

Çikago, Baku, Tbilisi uniwersitetlerinde hem halkara gatnaşyklar temasynda köp sapaklar beripdir. Kawkaza gurnan köpsanly saparlarynyň ilkinjisini 2004-nji ýylda amala aşyrypdyr. Köp ýyllap Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem synçysy bolup işläpdir.

Karl Rahder

Rafik Tagy hakynda

Adalatsyzlyk we zulumdan paýyny artygy bilen alan Azerbaýjan üçin ýene bir gussaly gün. Üç gün mundan owal nämälim jenaýatkärler tarapyndan pyçaklanan Rafik Tagy bu gün ilkinji medisina kömegi berlip, soňra-da dalagy operasiýa edilen wagty hassahanada aradan çykdy.

Ýazyjy Rafik Tagy

Ýazyjy Rafik Tagy

Onuň saglygy durnuklydy we Azatlyk Radiosyna sagaljagyny umyt edýändigini aýdyp bilerlik ýagdaýda huşy hem ýerindedi. R. Tagynyň gürrüň bermegine görä, oňa iki sany adam hüjüm edipdir. Onuň sözlerine görä, bu jenaýata özüniň golaýda ”Yslam respublikasyny” tankytlap, Azatlyk Radiosynyň sahypasynda ýazan "Eýran we hökmany globallaşmak" atly makalasynyň sebäp bolan bolmagy ahmal.

Belki, R. Tagyny kimiň öldürenligi hiç haçan hem aýan bolman galyp biler. Azerbaýjandaky näbelli jenaýatlaryň degirmeninde gaty köp şeýle gümürtik jenaýatlar şol bir aýlawda aýlanyp dur. Aslynda özümi gyzyklandyrýan geň sowallary ýazmakdan saklanýaryn. Ýöne şonda-da olaryň iň bolmanda birini aýdyp galmakçy.

Eýranyň Bakuwdaky ilçihanasy düýn R. Tagynyň ölmeziniň öň ýanynda metbugata bir beýannama ýaýradyp, Eýranyň hökümetiniň onuň pyçaklanmagyny gurnandygy barada aýdanlaryny ret edipdir. Galyberse-de, Eýranyň bu mesele bilen arabaglanyşygynyň bardygyny öňe sürüp, mundan öz bähbidini araýan tarapyň haýsydyr bir "negatiw atmosfera" döretmäge synanyşmagynyň, "Eýran-Azerbaýjan strategiki hyzmatdaşlygyna zarba urmak isleýän sionistik güýçleriň" işidigini aýdylanlaryň üstüne goşupdyr.

Birnaçe gün mundan owal blogumda ýazan makalamda nygtaýşym ýaly, men Rafik Tagy bilen duşuşmak isläpdim. Onuň bilen Bakuwda çaý başynda uzaga çekjek söhbetdeşlik geçirmegi arzuw edipdim. Biziň söhbetdeşligimizde gozgaljak temalar gaty köpdi, ýöne haýp jenaýatkärler muňa mümkinçilik bermedi.

Biz, ynha, şeýle dünýäde ýaşaýarys, ýagny döredijilikli we prowokatiw zehin bilen hoşniýetli dialog mümkin däl ekeni. Bu iň aýylganç faşizmdir. Biziň Günbatarda adaty ýagdaý hökmünde kabul edýän sosial hoşniýetlilik düşünjämiz, Ýewropada, Aziýada we başga ýerlerde [ýagdaý] gaty port bolansoň, gorky hem zorluk howpy abanan mahaly, dargap gidýär ekeni.

Biziň hemmämiz bu gün Rafik Tagynyň aradan çykmagyna gaty gynanýarys. Käşgä men onuň derejesine mynasyp epitafiýa (mazar daşyna ýazylýan söz) ýazmagy başarsamdym.

XS
SM
MD
LG