Sepleriň elýeterliligi

Astana: TurkPA maslahat geçirýär


Türki döwletleriň parlament assambleýasynyň (TurkPA) maslahaty, 2012

Türki döwletleriň parlament assambleýasynyň (TurkPA) maslahaty, 2012

Türki döwletleriň parlament assambleýasynyň (TurkPA) altynjy plenar maslahaty Gazagystanyň paýtagty Astanada başlandy.

Agza döwletlerden Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň parlamentleriniň resmi toparlary 3-nji dekabrda iki günlük maslahata jemlendiler.

Bu maslahat Orsýet bilen Türkiýäniň arasynda geçen hepdede Siriýanyň serhediniň golaýda türk uçarynyň orsýet uçaryny urup ýere gaçyrmagy bilen bagly dartgynlylygyň dowam edýän wagtyna gabat geldi.

Orsýet orsýetli pilotyň ölümine sebäp bolan bu hadysadan soň Türkiýä garşy sanksiýalary yglan etdi, şeýle-de Altaý, Başkortostan, Tatarstan, Tywa we Ýakutiýa etnik türki regionlaryna Türki döwletleriň medeni bileleşigi “Türksoý” bilen hyzmatdaşlygy bes etmegi tabşyrdy.

Türki döwletleriň parlament assambleýasynyň Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň inisiatiwasy bilen döredilip, 2009-njy ýyldan bäri işleýär.

XS
SM
MD
LG