Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Koalisiýa 'YD' howadan hüjüm etdi


ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň harby uçarlarynyň Siriýada “Yslam döwleti” toparynyň gözegçiligindäki nebit-öndürýän giňişliklere geçen gije howadan zarba urandyklary habar berilýär.

Sirianyň adam hukuklary boýunça synçy topary söweş uçarlarynyň Britaniýa degişliligini kesgitlemedi, uçarlaryň Jafra, Tanak we al-Omar regionlaryna hüjüm edendiklerini aýtdylar.

Munuň öňüsyrasynda Britaniýanyň Goranmak ministrligi Twitter ulgamynda al-Omar giňişligini “Yslam döwleti” toparyna garşy göreşiň çäginde bombalandygyny belledi.

Britaniýanyň harby çäreleri ýurduň parlament agzalary Britaniýanyň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýasyna goşulmagyny makullan soň amala aşyryldy.

XS
SM
MD
LG