Sepleriň elýeterliligi

Zurih: FIFA-nyň iki resmisi tussag edildi


Zurihiň 'Baur au Lac' myhmanhanasynyň öňünde polisiýanyň awtoulagynyň içinde öz ýüzüni ýaşyran adam, Sweýsariýa, 3-nji noýabr, 2015

Zurihiň 'Baur au Lac' myhmanhanasynyň öňünde polisiýanyň awtoulagynyň içinde öz ýüzüni ýaşyran adam, Sweýsariýa, 3-nji noýabr, 2015

Şweýsariýanyň polisiýasy ABŞ-nyň häkimiýetleriniň ýüzlenmesi boýunça FIFA-nyň iki resmisini tussag edendiklerini aýtdy. Dünýäniň futbol boýunça bu dolandyryjy guramasynda korrupsiýa bilen bagly gozgalan derňewler barha ýaýbaňlanýar.

Polisiýanyň 3-nji dekabrda daňdan resmileri tussag etmek boýunça çäresi Zurihiň gymmatbaha “Baur au Lac” myhmanhanasynda geçirildi. Bu ýerde 27-nji maýda geçirilen reýdlerden soň FAFA-da korrupsiýa bilen bagly krizisi tutaşdyrypdy.
Şweýsariýanyň häkimiýetleri ady yglan edilmedik resmileriň “millionlarça dollar möçberde para almakda güman edilýändiklerini aýtdylar.

FIFA-nyň dolandyryjy komiteti guramanyň wezipesinden çetleşdirilen ýolbaşçysy Sepp Blatteriň ýerine täze ýolbaşçy saýlamak üçin fewral aýynda geçiriljek ses berişligiň öňüsyrasynda 2-nji dekabrda Zurihde iki günlük maslahatyna başlady.

XS
SM
MD
LG