Sepleriň elýeterliligi

Putin 'ýarag somlamajagyny' aýtdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin her ýyl edýän halka ýüzlenmesinde Orsýetiň öz harby uçaryny Türkiýäniň oka tutmagyny unutmajagyny belledi, emma Moskwanyň Ankara bilen “ýarag somlamaklyga” baş goşmajagyny aýtdy.

24-nji noýabrda bolan adam pidaly hadysa Ankaranyň we Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklary pese gaçyrdy.

Orsýet Türkiýä garşy girizen sanksiýalarynyň çäginde käbir azyk önümleriniň importyna gadagançylyk girizdi we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogany we onuň maşgalasyny Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynyň gözegçiligindäki giňişliklerden nebit satyn almak bilen peýda görmekde aýyplady.

Türkiýe bu aýyplamalary ret edýär.

Şeýle-de Putin ýyllyk çykyşynda “terrorizme garşy halkara kanunlaryna esaslanan w BMG-niň howandarlygynda birleşen front” bilen çykyş etmäge çagyryş etdi.

XS
SM
MD
LG