Sepleriň elýeterliligi

'YD' orsýetlini öldürişini görkezdi


“Yslam döwleti” topary tarapyndan öldürilen Magomed Hasiýew

“Yslam döwleti” topary tarapyndan öldürilen Magomed Hasiýew

“Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň Siriýada tutulan orsýetli içaly diýilýän adamyň kellesini kesip öldürýändigini görkezýän wideo 2-nji dekabrda sosial media peýda boldy.

7.5 minutlyk wideoda özüniň Orsýetiň FSB aňtaw gullugy tarapyndan hakyna tutulandygyny boýun alyp orsça gepleýän adam görkezilýär.

Özüni Magomed Hasaýew diýip tanadan adam Orsýetiň aňtaw gullugy tarapyndan özüne Siriýa syýahat etmegiň we Orsýete dolanyp terrorçylyk hüjümleri amala aşyrmagy planlaşdyrýan orsýetlileriň şahsyýetlerini anyklamagyň görkezme berilendigini aýtdy. Bu adam özüniň öň Çeçenistanda ýaşandygyny aýdýar.

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regiony 20 ýylan golaý wagt bäri yslamçy gozgalaňçylaryň ornaşan ýeri bolmagyna galýar. “YD” toparynyň Kawkazda müňlerçe adamy hakyna tutandygy aýdylýar.

Çeçenistanyň Krem tarapyndan goldanýan prezidenti Ramzan Kadyrow “YD” toparynyň wideosynda görkezilen çeçenistanlynyň öldürilmegine jogapkärleri öldürmegi wada berdi.

XS
SM
MD
LG