Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: 'YD' baýdagyny asanlara iş kesldi


Täjigistanyň günorta-günbatar Şahrtuz etrabynyň ýedi ýaşaýjysy “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň baýdagyny jemgyýetçilik ýerde asmakda günälenip türmä höküm edildi.

Hatlon regionynyň sudunyň sudýasy Zubaidullo Mahmudzodanyň AÝ/AR-na 4-nji dekabrda aýtmagyna görä, ýedi adam, olardan üçüsi 18 ýaşy dolmadyklar köpçülikli ýerde hökümeti agdarmaga çagyryş etmekde we adamlary ýurduň daşynda bikanun söweşe goşulmaga çagyrmakda 1-nji dekabrda günäli tapylypdyr.

Awgust aýynda “YD” toparynyňka meňzeş baýdagy asmagynyň yzýany tussag edilen bu adamlar 7 we 27 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edildi.

Täjik resmileri “Yslam döwleti” toparynyň düzüminde Siriýada we Yrakda 500 çemesi täjigistanlynyň söweşýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG