Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa 'YD' garşy çärelere goşant goşar


Germaniýanyň parlamentiniň aşaky öýi hökümetiň “Yslam döwleti” toparyna garşy Siriýada alynyp barylýan bilelikdäki harby kampaniýasyna gatnaşmak planyny makullady.

4-nji dekabrda geçirilen ses berişlige gatnaşan 598 kanun çykaryjydan 445 adam goldady, 146-sy garşy çykdy we ýedisi saklandy.

Missiýa “Tornado” aňtaw uçarlarynyň ýedisini we harby gämisini, ýangyç daşaýan uçaryny we 1200 harbysyny öz içine alýar.

Germaniýa Britaniýa, Fransiýa, ABŞ we Orsýet ýaly howa zarbalaryny amala aşyrmaklyga goşulmaýar.

XS
SM
MD
LG