Sepleriň elýeterliligi

Italiýa: 2000 migrant halas edildi


Migrantlar Italiýanyň Fransiýa bilen serhediniň golaýynda, Wentimiglia, 30-njy sentýabr, 2015.

Migrantlar Italiýanyň Fransiýa bilen serhediniň golaýynda, Wentimiglia, 30-njy sentýabr, 2015.

Halas edijiler Ortaýer deňzinden geçip Italiýa ýetmäge synanyşyp, gark bolan 11 gaýykdan 2000 çemesi migranty halas etdiler, diýip Italiýanyň kenarýaka serhetçileri 3-nji dekabrda aýtdylar.

Bu bir aýdan gowrak wagtyň dowamynda Italiýa tarap ýolda halas edilen migrantlaryň iň köp sanydyr. Kenarýaka serhetçileri migrantlary alyp barýan gaýyklardan kömek baradaky çagyryşlaryň satellit telefonlardan gowşandygyny aýtdylar.

Soňky hepdelerde erbet howa şertleri Italiýa barýan migrantlaryň akymyny haýallatdy. Olaryň ençemesi deňiz üsti bilen gaçakçylaryň çagşan gämi-gaýyklarynda sub-Sahara Afrika regionyndan barýar.

Şu ýyl 140 müňden gowrak migrant Italiýa şu ýyl barypdyr. Ýewropa aşanlaryň sany 900 müň adam çemesi.

3-nji dekabrda Italiýanyň we Britaniýanyň deňiz güýçleri, şeýle-de Serhetsiz Lukmanlar guramasy aýra-başga halas ediş operasiýalaryny amala aşyrdylar.

XS
SM
MD
LG