Sepleriň elýeterliligi

Orsýet, Eýran, Yrak öndürýän nebitini azaltmakçy däl


Orsýet, Eýran we Yrak global derejede nebitiň bahasynyň pese gaçmagyny bilelikde nebit önümçiligini azaltmak arkaly saklamak barada Saud Arabystanynyň göz öňünde tutan planyny ret etdiler, diýlip habar berilýär.

Energiýa boýunça aňtaw maglumatynda aýdylyşyna görä, nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň maslahatynda (OPEC) guramanyň iň uly nebit öndüriji agzasy Saud Arabystany guramanyň agzasy bolmadyk Orsýet ýaly ýurtlaryň goşulan ýagdaýynda öz öndürilýän nebitiniň möçberini günde 1 million barel azaltmaga taýýardygyny aýdypdyr.

Emma Orsýet, Eýran we Yrak bu pikiri derhal ret edipdir.

Orsýet şu ýyl postsowet döwründe iň köp mukdarda nebit çykardy. Yrak we Eýran nebit önümçiligini geljekki ýyllarda has artdyrmakçy bolýarlar.

XS
SM
MD
LG