Sepleriň elýeterliligi

Rus-Türk dartgynlygynyň Merkezi Aziýa täsiri


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (Ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (Ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Türkiýe tarapyndan rus harby uçarynyň urlup düşürilmegi bilen bagly dartgynly ýagdaýlaryň has ýitileşýän pursadynda, Merkezi Aziýanyň türki döwletleri üns merkezine düşdi.

Gürrüňi gidýän sebitiň Moskwa bilen asyrlara uzaýan taryhy aragatnaşygy bar. Şeýle-de, aglabasy türki halklardan ybarat regioniň Ankara bilen hem berk medeni, taryhy, dini, sýyasy we söwda baglary bar.

Şunlukda, agzalýan ýurtlar iň esasy iki hyzmatdaşynyň arasynda dowam edýän häzirki dartgynlykda haýsy tarapy tutjagyny bilenoklar. Emma dartgynlygyň barha möwjäp barýan häzirki pursadynda, krizis olara tarap tutsalaram, tutmasalaram täsirini ýetirýär.

“Mejlisiň” bu sanynda Türkiýe bilen Orsýetiň arasyndaky dartgynlylygyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýetirýän we ýetirip biljek täsirleri barada gürrüň edilýär.

Mejlisiň myhmanlary:

Nikita Mendkowiç, Orsýetiň halkara gatnaşyklary geňeşiniň Merkezi Aziýa we Owganistan boýunça eksperti;

Vugar Imanbeýli, Türkiýäniň Stambul-Sehir uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary boýunça professory;

Bruce Pannier – Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça habarlar çap edýän blogynyň redaktory.

Gepleşigi Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG