Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýubileý medallary berildi


Türkmenistanyň ýaşulularynyň 4-nji dekabrda Aşgabatda, Türkmenistana bitaraplyk durumynyň berilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow söz sözledi.

Soňra türkmen parlamentiniň başlygy Akja Nurberdiýewa çykyş edip, parlamentiň prezident Berdimuhamedowy «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karar kabul edendigini habar berdi.

Prezident Berdimuhamedow hem öz gezeginde Mejlisiň başlygyny we beýleki egindeşlerini «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglady.

Türkmen metbugaty bu medalyň başga-da köp raýata berlendigini habar berýär. Prezident Berdimuhamedow daşary ýurtly diplomatlaryň, biznesmenleriň we alymlaryň hem bir toparyny «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglady.

XS
SM
MD
LG