Sepleriň elýeterliligi

"The New York Times" kanuna çagyrýar


«The New York Times» Birleşen Ştatlarda berk ýarag kontrollygy kanunlaryny kabul etmäge çagyrýan baş makala çap edip, adaty bolmadyk ädim ätdi.

5-nji dekabrdaky makala Kaliforniýa atyşygynda 14 adamy öldürmekde ulanylan ýaraglar ýaly ýaraglaryň bikanun diýlip yglan edilmegine çagyrýar.

San Bernardino şäherindäki gyrgynçylyk är-aýal Syed Rizwan Faruk we Taşfin Malik tarapyndan, olaryň kanun esasynda satyn alan .223 kalibrli hüjüm ýaraglary bilen amala aşyryldy.

FDB resmileri bu gyrgynçylygy terror hereketi hökmünde derňeýändiklerini aýdýarlar.

Şeýle-de bu jübüdiň ýarym awtomatiki sapançalary bar eken.

XS
SM
MD
LG