Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwanda üç adam öldürildi


Liwanda, goşunyň öýüne geçiren reýdi mahalynda bir adamyň özüni partlatmagy netijesinde, üç adamyň ölendigi habar berilýär.

Bombaçy öz maşgala agzalary, güman edilýäniň aýaly we ejesi bilen ölendir öýdülýär.

Azyndan 10 adam, şol sanda howpsuzlyk güýçleriniň dört işgäri hem ýaralandy.

Bu reýd Tripoliniň Deýr Ammar şäherinde, 5-nji dekabrda geçirildi. Geçen aý Beýrutda janyndan geçenleriň gurnan iki partlatmasy 44 adamy öldüripdi we bu işiň jogapkärçiligini YD boýnuna aldy.

Liwanyň sudy geçen hepde 26 adamy YD-a dahyllykda, olaryň 23-sini bolsa Beýrut partlamalaryna göni ilteşikli bolmakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG