Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saakaşwili "yzyma gelerin" diýýär


Gürjüstanyň ozalky prezidenti, häzir Ukrainada Odessa regionynyň gubernatory bolup işleýän Mihail Saakaşwili Tbilisiniň özüni gürji raýatlygyndan çykarmak baradaky kararynyň syýasy äheňlidigini aýtdy.

Maý aýynda Odessada işe başlan Saakaşwili Azatlyk radiosyna Gürjüstanyň häzirki häkimiýetleriniň özünden «gorkýandyklaryny» aýtdy.

Onsoň ol özüniň, pasportly ýa pasportsuz, Gürjüstana dolanyp geljegini wada berdi. "Hiç kim meni Gürjüstana bolan yhlasymdan aýryp bilmez, biz ahyrynda Gürjüstana, yzymyza geleris we ýeňeris» diýip, ol aýtdy.

Gürjüstanyň prezidenti Giorgi Margwelaşwili 4-nji dekabrda, Adalat ministrliginiň maslahatyndan bir gün soň, Saakaşwiliniň raýatlygyny ýatyrdy.

Tbilisi goşa raýatlygyň gadaganlygyna salgylanýar. Saakaşwili şu ýylyň başynda ukrain raýatlygyny alypdy.

XS
SM
MD
LG