Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanlylar ses berýär


Ermenistanda hökümetiň prezident dolandyryşyndan parlament dolandyrşyna geçirilmegi üçin gurnalan referendum geçirilýär.

Bu referendum hökümetiň goldamagynda, prezident Serž Sarkisýanyň teklip eden konstitusiýa düzedişleri esasynda geçirilýär.

Hökümet konstitusiýa giriziljek düzedişler hökümetiň dürli şahalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has netijeli bolmagyna getirer, ykdysady ösüşe we adam hukuklarynyň goralmagyna ýardam eder diýen pikiri öňe sürýär.

Ermenistanyň Milli kongresi we beýleki oppozisiýa toparlary bu reformalara garşy durýarlar.

Olar bu işiň Sarkisýany 2018-nji ýylda tamamlanýan ahyrky möhletinden soň hem häkimiýetde galdyrmak üçin edilýändigini aýdýarlar.

Sarkisýan geçen hepde, eger düzedişler kabul edilse, premýer-ministr ýa parlament spikeri bolmaga çalyşmajagyny aýtmakdan boýun gaçyrdy.

XS
SM
MD
LG