Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak türk ilçisini çagyrýar


Yragyň Daşary işler ministrligi, türk goşunlarynyň demirgazyk Yrakdan derhal çykarylmagyny talap etmek üçin, türk ilçisini çagyrdy.

Ministrlik 5-nji dekabrda türk goşunlarynyň Yragyň hökümetinden ygtyýarsyz girendigini we olaryň ýurtda bolmagynyň «duşmançylykly hereket» diýip hasaplanjagyny aýtdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu 5-nji dekabrda ol esgerler ozal Bagdat bilen ylalaşylan tälim missiýasynyň düzgün esasynda çalşyrylan bir bölegi diýdi.

"Ol lager terrorizme garşy söweşýän ýerli meýletinçi güýçleriň tälim lageri hökmünde guruldy» - diýip, Dawutoglu aýtdy.

Yragyň premýer-ministri Haýder al-Abadi Türkiýäniň Mosulyň ýanyndan goşun salmagyny ýazgardy we olaryň derrew yzyna çykarylmagyny talap etdi.

XS
SM
MD
LG