Sepleriň elýeterliligi

"Türkiýe rus energiýasyna alternatiwa tapar"


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, rus uçarynyň urlup ýykylmagy esasynda ýaramazlaşan gatnaşyklar sebäpli, Ankara Orsýetden satyn alýan gazyna we nebitine alternatiwa tapyp biler diýdi.

Erdogan 5-nji dekabrda telewideniýede berlen çykyşynda, megerem Katary we Azerbaýjany nazarda tutup, «dürli üpjünçilik ýollaryny tapmak mümkin» diýdi.

Erdogan şu hepde Katara sapar etdi, premýer-ministr Ahmet Dawutoglu bolsa Azerbaýjana sapar etdi we, aýdylmagyna görä, ol ýerde energiýa üpjünçiligi barada maslahat edildi.

Siriýa serhediniň golaýynda, 24-nji noýabrda rus harby uçarynyň türk güýçleri tarapyndan urlup ýykylmagy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary Sowuk uruş döwründen bäri iň pes derejä düşürdi.

XS
SM
MD
LG