Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Obama: Biz özümizi dowla saldyrmarys


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama federal derňewçiler Kaliforniýada durmuş guran är-aýalyň näme sebäpden 14 adamy öldürendiginiň üstüni açar diýdi.

"Biz güýçli. Biz ruhubelent. Onsoň biz özümizi dowla saldyrmarys» -diýip, Obama 5-nji dekabrdaky hepdelik ýüzlenmesinde aýtdy.

"Bu iki adamyň şeýle terror hereketini amala aşyrmaklary üçin radikallaşdyrylan bolmagy örän mümkin» - diýip, Obama aýtdy.

Ak tam Obamanyň 6-njy dekabrda, hökümetiň terrorizme garşy görjek çäreleri boýunça, telewideniýe arkaly halka ýüzlenjegini yglan etdi.

Bu onuň prezident bolaly bäri ýedi ýyla golaý wagtda eden şeýle üçünji ýüzlenmesi bolar.

Taşfin Malik we Syed Rizwan Faruk 2-nji dekabrda Kaliforniýanyň San Bernardino şäherinde bir Sosial hyzmatlar merkezindäki baýramçylyk dabarasyna hüjüm edip, 14 adamy öldürdi.

XS
SM
MD
LG