Sepleriň elýeterliligi

"Türkmenistan $117 mld maýa özleşdirdi"


«Türkmenistanda 20 ýyl içinde 117 milliard 200 million amerikan dollary möçberinde maýa özleşdirildi» - diýip, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Ýaşulular maslahatynda sözlän sözünde aýtdy. Bu maglumaty TDH berýär.

Türkmen lideriniň aýtmagyna görä, bu döwür içinde 250 sany zawod-fabrik işe girizildi, 26 million kwadrat metr ýaşaýyş jaýy guruldy, 187 keselhana we bejeriş-sagaldyş merkezi, 394 mekdep, 310 çagalar bagy, 94 medeni bina, 39 sany ýokary derejeli myhmanhana, ministrlikleriň we wedomstwalaryň 70-den gowrak adminstratiw binasy, şeýle-de elektrik stansiýalary, demir ýollar, aeroportlar, uly köpriler we gaz geçirijileri guruldy.

Häzirki wagtda ýurtda 2 müňden gowrak iri obýektiň gurluşygy alnyp barylýar diýip, prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň bitaraplyk durumunyň 20 ýylylygyna bagyşlanyp geçirilen Ýaşulular maslahatynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG