Sepleriň elýeterliligi

135-den gowrak eýranly kinoçy ýurduň suduna açyk hat ýazyp, oktýabr aýynda alty ýyl türme tussaglygyna we 223 dürre urulmagyna höküm edilen kärdeşleriniň aklanmagyna çagyrdy.

30 ýaşyndaky Kaýwan Karimi Tähranda bir rewolýusiýa sudy tarapyndan, şäher diwarlarynda ýazylan syýasy şygarlar barada düşüren dokumental filmi üçin, «mukaddeslige şek ýetirmekde» günäli tapyldy.

Ol 23-nji dekabrda şikaýat sudunda boljak diňlenişige çenli azat, emma şikaýaty dogry tapylmasa, jezasyny çekmeli.

Eýranyň rewolýusiýon sudlary açyk geçirilmeýär, olarda žýuri hem bolmaýar, bir sudýa, köplenç birnäçe minut içinde höküm çykarýar.

XS
SM
MD
LG