Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD Ýemen partlamasyny 'boýun alýar'


«Yslam döwletiniň» jeňçileri Ýemeniň Aden welaýatynyň gubernatoryny we alty janpenasyny öldüren partlamanyň jogapkärçiligini öz üstlerine aldylar.

Ýemeniň howpsuzlyk resmileri gubernator Gaafar Muhammadyň 6-njy dekabrda irden işe barýarka, günortadaky port şäheriň Rimbaud diýen ýerinde partlan bombanyň pidasy bolandygyny aýdýarlar.

Hökümetçi güýçler şu ýylyň başynda şaýylardan bolan hüti pitneçilerini, saudlylaryň goldamagyndaky koalisiýanyň kömegi bilen, Adenden kowup çykardylar. Emma jeňçileriň Adende köpelýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG