Sepleriň elýeterliligi

Daglyk-Garabagda azeri ofiseri öldürildi


Azerbýajanyň häkimiýetleri ýurduň Daglyk-Garabag regionynda bolan ok atyşygyň netijesinde bir harby ofiseriniň öldürilendigini habar berýärler.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň 7-nji dekabrda ýaýradan beýanatyna görä, gürrüňi edilýän çaknyşyklarda leýtenant Abdulla Mollaýew agyr ýaralanypdyr we keselhanada aradan çykypdyr.

Azeri ministrliginiň beýanatynda ok atyşygyň haçan bolandygy barada takyk maglumat berilmeýär.

Emma bu beýanat, ýurduň ykrar edilmedik Daglyk-Garabag sebitiniň separatist häkimiýeti, olaryň aýtmagyna görä, “Azerbaýjanyň diwersiýa we aňtaw topary tarapyndan” özleriniň bir esgeriniň öldürilendigini aýdandan üç gün soň ýaýradyldy.

1990-njy ýyllaryň başynda bolan uruş döwründe ermeniler tarapyndan goldanylýan separatistler ilatynyň aglabasy ermenilerden ybarat Daglyk-Garabag sebitini ele geçirdiler. Şol uruşda 30 müň çemesi adam heläk bolupdy.

XS
SM
MD
LG