Sepleriň elýeterliligi

"Özbegistanyň yslam hereketi'" kimiň tarapynda?


"Özbegistanyň yslam hereketi'" toparynyň agzalary.

"Özbegistanyň yslam hereketi'" toparynyň agzalary.

Noýabr aýynyň başynda "Özbegistanyň yslam hereketiniň" (ÖYH) söweşijileri Owganystanyň günortasynda “Talybandan” aýrylan bir topar bilen bilelikde urşa gatnaşdylar. Bilermenler bu ýagdaýdan soň ÖYH-niň geljekdäki ykbaly barada indi dürli pikirleri öňe sürýärler.

"Özbegistanyň yslam hereketi" (ÖYH), aýdylyşyna görä, birnäçe topara bölünipdir we häzirki döwürde Owganystanyň dürli sebitleri bilen bilelikde Siriýada hem Yrakda urşup başlapdyr. Ýöne käbir pursatlarda olaryň kimiň tarapyndadygyna we nähili maksada eýerýändiklerine anyk düşünmek kynlaşýar.

"ÖYH"-niň häzirki ýagdaýy bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň müdiri Muhammad Tahiriň öňbaşçylygynda Pakistan gullugynyň müdiri Amin Mudakikiň, Özbek gullugynyň habarçysy Sirojiddin Tolibiň we şeýle-de bu makalanyň awtorynyň we Brýus Panniýeriň gatnaşmagynda tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi.

Zabuldaky uruşlar

Bilermenler ilki bilen bir ýagdaýa ünsi çekip, "YD" toparyna goşulan "Özbegistanyň yslam hereketiniň" häzirki ýagdaýy barada anyk bir zat aýtmagyň gaty çylşyrymlydygyny nygtadylar.

Noýabryň başynda Owganystanyň Zabul diýen ýerinde molla Omara wepalylyk kasamyny içen ”Talybanyň” birleşen güýçleri hem hazara ýaragly topary bilen ”Talybandan” aýrylan serkerde Molla Dadullanyň topary we "ÖYH"-niň ýaragly toparynyň arasynda uruş bolup geçdi.

Amin Mudakik ”Haçan-da ”Talyban” özünden aýrylan molla Dadulla garşy herekete geçen mahaly, olar şol bir ýerde ornaşan "ÖYH"-niň adamlaryna, ýagny "Jundulla" garşy hem hüjüm etmeli bolupdyrlar” diýip gürrüň berýär.. Onuň bellemegine görä, aslynda molla Dadullanyň topary nyşana alnypdyr. Ýöne "Özbegistanyň yslam hereketi" (ÖYH) molla Dadulla wepalylyk görkezipdir we netijede uruş gutaran mahaly wakanyň bolan ýerinde "diňe iki sany özbek söweşijisi galypdyr".

Sirojiddin Tolibowyň nygtamagyna görä, Owganystandan gelen maglumatda, bolup geçen şol uruşdan soň "Özbegistanyň yslam hereketiniň" (ÖYH) baş ştaby Zabuldan göçürilipdir. Amin Mudakikiň aýtmagyna görä bolsa, ýesir alnan söweşijiler, Zabulda iki ýüze golaý özbek urşujysynyň bolandygyny, ýarpysynyň diýen ýaly öldürilendigini we käbiriň hem gaçandygyny gürrüň beripdirler.

Owganystana dolanypdyrlar

"Özbegistanyň yslam hereketiniň" (ÖYH) baştutany Usman Gazi hem şol mahal Zabulda ekeni. Ýöne onuň ykbaly häzirlikçe näbelli. Owganystanyň hökümeti hem ol ölümi, dirimi ýa-da ýesirlikdemi – bu hakda hiç hili maglumata eýe däl. Ýöne tassyklanmadyk maglumata görä, ony tussag edip, soňam şerigata görä dönüklik eden hökmünde jezalandyryp öldüripdirler. Başga bir maglumata görä bolsa, ol gaçmagy başarypdyr we ol häzir näbelli bir ýerde bukulyp ýör. Awgust aýynyň başynda Usman Gazi özüniň hem toparynyň "YD"-e ygrarlydygyny yglan eden mahaly Zabulda "ÖYH"-niň ähli söweşijileri ony doly goldapdyrlar.

Owganystanyň demirgazygyndaky ýagdaý bolsa biraz aýyl-saýyl. Berilýän maglumata görä, "ÖYH"-niň söweşijileri ýa-da köplenç atlandyrylyşy ýaly "Jundulla", Owganystanyň demirgazygyndaky Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhetleşýän sekiz welaýatyň ýedisinde bolan uruşlara gatnaşypdyr. Olaryň o diýen köpçülik bolmadyk bir topary eýýäm birnäçe ýyldan bäri şol sebitde ornaşykly ýagdaýda. Pakistan 2014-nji ýylyň baharynda demirgazyk Weziristandaky taýpalaryň ýaşaýan etrabyna harby hereket gurnandan soň "Özbegistanyň yslam hereketiniň" (ÖYH) köpsanly söweşijisi Owganystan tarapa geçipdir. "ÖYH", haçan-da ABŞ 2001-nji ýylyň ahyrynda Gunduz bilen Tahary bombalandan soňra gizlinlikde hereket edip ugrapdyr.

"ÖYH"-niň hyzmatdaşlary "Talyban" bilen "Al-Kaida" bolsa olara Pakistanda gaçybatalga hödürläpdirler. Ýöne taýpalaryň etrabynda bolan mahaly "Özbegistanyň yslam hereketi" (ÖYH) örän köp problema döredipdir. Haçan-da 2014-nji ýylda "ÖYH" Karaçi aeroportuna edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alanda, olar şondan soň Pakistanyň goşunynyň esasy nyşanasyna öwrülipdir.

Çaklamalara görä, häzirki döwürde "ÖYH"-niň söweşijileriniň aglaba köpçüligi Owganystana yzyna dolanypdyr. "Özbegistanyň yslam hereketiniň" (ÖYH) öz maşgalalary bilen bilelik-de yzyna Owganystana dolanmagy şol bir wagtyň özünde ýurduň demirgazygyndaky ýagdaýy hasam dartgynlylaşdyrýar.

Kimiň tarapynda?

Käbir maglumatlara görä, "ÖYH"-niň söweşijileri adaty hyzmatdaşlary bolan "Talyban" bilen bilelikde Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Täjigistan bilen aradaky serhet ýakada owgan hökümet güýçlerine garşy hüjümleri gurnaýarlar.

Sirojoddin Tolibowyň pikrine görä, günbatar sebitde, ýagny mysal üçin Farýapda Usman Gaziniň baştutanlygyndaky "Özbegistanyň yslam hereketiniň" (ÖYH) söweşijileri "YD"-e baglydyklaryna kasam edipdirler. Onuň bellemegine görä, demirgazyk-gündogar sebitdäki Tahar, Gunduz we Badahşanda "ÖYH" "Talyban" bilen bilelikde owgan hökümet güýçlerine garşy uruşýar.

Sirojoddin Tolibowyň aýtmagyna görä, demirgazyk-gündogar Owganystandaky "ÖYH"-niň agzalary dürli halklardan emele gelýändir. Olaryň arasynda özbekler bilen bir hatarda täjikler, gyrgyzlar, uýgurlar, çeçenler we araplar bar. Amin Mudakikiň bellemegine görä bolsa, "Özbegistanyň yslam hereketiniň" (ÖYH) Badahşandaky toparyna henizem bir täjik baştutanlyk edýär. Habar berilmegine görä, demirgazyk-gündogar Owganystanda "ÖYH"-niň hataryndaky aglaba köpçülik etniki özbekler we olar edil gündogardaky topara garanyňda urşa gaty seýrek gatnaşýarlar.

Amin Mudakik golaýda Owganystanyň demirgazygyna gidip gelen mahaly, ol ýerdäki adamlaryň özüne "ÖYH" çekýän ýitgileriniň öwezini gaty çalt dolýar. Sebäbi Täjigistanyň üsti bilen Täjigistandan we Özbegistandan yzygiderli täzä agzalar gelip goşulyp durlar" diýip maglumat berendiklerini mälim edipdir. Başga çeşmeler bolsa Owganystanyň demirgazygyndaky uzaga çeken çylşyrymly hem düşnüksiz ýagdaýlar sebäpli şeýle maglumatyň tassyklanyp bilinmejekdigini aýdypdyr. Özbekler, täjikler ýa-da owgan hökümeti tarapyndan hiç kim bu maglumat boýunça haýsam bolsa bir garaýyş beýan etmändir.

XS
SM
MD
LG